iPhone 11 ýylyň iň meşhur Apple smartfony

03.06.2021, 13:1912,819

«Counterpoint Research» seljerme kompaniýasy tarapyndan düzülen 2021-nji ýylyň başyndan bäri iPhone smartfonlarynyň iň meşhur modelleriniň sanawyny köpçülige ýetirdi. Umumy sanawda 16 göterim bilen iPhone 11 iň meşhur smartfonlaryň öňdebaryjysy boldy.

Doly sanaw aşakdaky tertipde:
iPhone 11 — 16%
iPhone XR — 10%
iPhone 8 — 8%
iPhone 7 — 8%
iPhone 12 — 6%

Geçen 2020-nji ýylyň başynda «Apple» smartfonlarynyň arasynda 13 göterim bilen iPhone 7 onuň iň meşhur modeli bolupdy. Bir ýylda ýagdaý düýpgöter üýtgäp, iPhone 11 iň köp satylýan smartfona öwrüldi. Ýöne «Apple-yň» iPhone 12 modeli onuň bäsdeşi bolup biler. Sebäbi 2021-nji ýylyň birinji çärýeginde satylan şu hili smartfonlaryň arasynda ol 16 göterimi eýeledi. iPhone 11 bolsa geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, bu görkezijini 15 göterimde saklady.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.