Ýewro-2020. 1/8 final: Şweýsariýa penalti boýunça Fransiýany ýeňdi

29.06.2021, 03:517,265

Futbol boýunça Ýewropa çempionatynyň 1/8 final tapgyrynda Fransiýa penalti boýunça Şweýsariýadan ýeňildi. Buharestde geçirilen duşuşyk 3:3 hasabynda tamamalandy (penalti boýunça — 4:5).

Oýnuň esasy wagtynda hüjümçiler Karim Benzema (57, 59) we Haris Seferowiç (15, 81) gol geçirdi. Pol Pogba 75-nji minutda gol geçirdi. Mario Gawranowiç oýnuň ahyrynda hasaby deňledi.
Penalti tapgyrynda fransuzlaryň hüjümçisi Killian Mbappe gol geçirip bilmedi.
1/4 final tapgyrynda Şweýsariýa Horwatiýany 5:3 hasabynda ýeňen Ispaniýa bilen duşuşar.
Fransiýa dünýäniň häzirki çempiony. Ol Ýewro-2020-niň pleý-off tapgyryna F topardan Germaniýany, Portugaliýany we Wengriýany öňürdip, birinji bolup çykdy.  Şweýsariýa Italiýadan we Uelsden ýeňilip, A topardan üçünji bolup çykdy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.