Özbegistan gümrük amallaryny ýeňilleşdirýär we daşary söwda şertnamalarynyň täze görnüşi girizýär

11.07.2021, 23:0413,520

Ministrler Kabineti “Gümrük dolandyryşyny we amallaryny mundan beýläk hem ýeňilleşdirmek boýunça goşmaça çäreler barada” karar kabul etdi. Bu barada Trend habar berýär.

2021-nji ýylyň 1-nji awgustyndan:

  • gümrük düzgüniniň talaby boýunça daşary ýurtly müşderi bolmasa-da, gaýtadan işlemek boýunça amallara rugsat berilýär;
  • telekeçä daşary ýurtlardan çig mal satyn almaga we gümrük paçlaryny tölemezden Özbegistanyň çäginde gaýtadan işlenenden soň, islendik daşary ýurt hyzmatdaşyna satmaga mümkinçilik berýän daşary söwda şertnamalarynyň täze görnüşleri girizilýär;
  • içerki eksport ediji guramalara daşary ýurtlardan önüm satyn almaga we import etmezden göni üçünji ýurda satmaga rugsat berilýär;
  • üpjünçilik şertnamasynyň eksport şertnamasy, satyn alyş şertnamasynyň satuw şertnamasy bilen baglanyşykly bolmagy üçin gözegçilik düzgüni giriziler;

Mundan başga-da, daşary söwda şertnamalarynda we inwoýslarda töleg walýutasynyň taraplaryň ylalaşygy boýunça kesgitlenýändigi görkezilýär (öň ol daşary ýurt walýutasyndady).

Şeýle-de, daşary söwda amallaryny görkezýän 2 sanly şertnamalar hem goşuldy:

  • 16-import şertnamasy;
  • 17-eksport şertnamasy;
  • 18-satyn alyş şertnamasy;
  • 19-satmak şertnamasy.
Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.