Awstraliýaly suwda ýüzüjiler dünýä rekordy bilen 4x100 m aralyga erkin usulda ýüzmek estafetasynda ýeňiji boldular

25.07.2021, 15:463,104

Awstraliýanyň ýüzmek boýunça zenan ýygyndysy dünýä rekordy bilen 4x100 metr aralyga erkin usulda ýüzmek estafetasynda Tokiodaky Olimpiýa oýunlarynyň altyn medalyny gazandylar. 

Bronte Kempbell, Keýt Kempbell, Emma Makkeon, Megan Harris bu aralygy 3 minut 29,69 sekuntda geçdiler. Mundan öňki dünýä rekordy – 3 minut 30,05 sekunt hem awstraliýalylara degişlidi, ol 2018-nji ýylda goýuldy.
Ikinji orny Kanadanyň topary (yza galyş – 3,09 sekunt), üçünji orny amerikan topary (+3,12) eýeledi.

 

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.