UEFA pandemiýanyň täsirini ýeňip geçmek üçin klublara 6 milliard ýewro berer

15.08.2021, 00:594,280

UEFA koronawirus çökgünliginde futbol klublaryna maliýe kömegini bermegi meýilleşdirýär. Bu barada "Bloomberg"-e salgylanyp, championat.com habar berýär.

Umuman alanyňda, gurama toparlara 6 milliard ýewro bölüp bermegi göz öňünde tutýar. Bu maliýe kömegi UEFA-nyň klublara pandemiýanyň täsirini ýeňip geçmäge ýardam etmek strategiýasynyň bir bölegi bolup durýar, sebäbi bir ýyldan gowrak wagt bäri stadionlar tomaşaçylar üçin ýapyk boldy, teleýaýlymlardan gelýän girdejiler bolsa öňküsinden ep-esli azaldy.

UEFA-nyň pikirine görä, klublar bu pul serişdelerini has pes karz göterimi bilen almak mümkinçiligine eýe bolarlar we bergileriň möhletini has uzak wagta - 5-7 ýyla çenli yza çekip bilerler.

Mundan ozal "The Times" gazeti sentýabr aýynda UEFA-nyň maliýe feýr-pleýiniň ýatyrylmagy bilen baglanyşykly taslamalary yglan etjekdigini habar beripdi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.