Şu gün UEFA-nyň Milletler ligasy-2026/27 ýaryşynyň toparlaýyn tapgyry badalga alýar. Möwsümiň açylyş oýunlarynyň arasynda Niderlandlaryň we Germaniýanyň milli ýygyndylarynyň arasyndaky gyzyklanma döredýän duşuşyk bar. Bu oýun Hawi hem-de Ýurgen Klopp üçin milli ýygyndylaryň baş tälimçileri hökmünde ilkinji resmi oýun bolar.
Ýaryş 17-nji noýabra çenli dowam eder. 24-nji sentýabrdan 6-njy oktýabr aralygynda toparlaryň her biri dört oýun geçirer, jemleýji iki tapgyr bolsa 12–17-nji noýabrda bolar.
Birinji tapgyrda aýratyn üns ýygyndylaryň täze tälimçilerine gönükdiriler.
Meşhur futbolçy we «Barselonanyň» öňki tälimçisi Hawi ilkinji gezek Niderlandlaryň milli ýygyndysyny meýdança çykarar. Onuň garşydaşy Ýulian Nagelsmannyň ornuna geçen Ýurgen Kloppuň ýolbaşçylygyndaky Germaniýanyň ýygyndysy bolar.

Şeýle hem Didýe Deşamyň ornuna geçen Zinedin Zidanyň Fransiýanyň ýygyndysynyň tälimçisi hökmünde resmi taýdan ilkinji çykyşyna garaşylýar. Anna güni agşam fransuzlar myhmançylykda Türkiýäniň ýygyndysyna garşy oýnar (Kilian Mbappe «Realdaky» topardaşy Arda Gülere garşy).
Türk futbolçylaryna fransuzlardan soň indi Roberto Mançininiň tälim berýän Italiýanyň futbol ýygyndysyna garşy oýun garaşýar.
Futbol janköýerlerine mundan başga-da gyzykly oýunlaryň ençemesi garaşýar: Italiýa — Belgiýa, Angliýa — Ispaniýa («Altyn topa» dalaş edýän Harri Keýn bilen Lamin Ýamalyň garşydaşlygy), Norwegiýa — Portugaliýa (bir meýdanda Erling Holand bilen Kriştianu Ronalduny görmek nesibesi) we Ispaniýa — Horwatiýa.
24–29-njy sentýabr aralygyndaky duşuşyklaryň tertibi (Aşgabat wagty bilen):
1-nji tapgyr
24-nji sentýabr:
- Niderlandlar — Germaniýa, 23:45
- Serbiýa — Gresiýa, 23:45
- Norwegiýa — Daniýa, 23:45
- Portugaliýa — Wels, 23:45
- Andorra — Malta, 21:00
- Awstriýa — Ysraýyl, 23:45
- Kosowo — Irlandiýa, 23:45
- Lihtenşteýn — Litwa, 23:45
25-nji sentýabr:
- Italiýa — Belgiýa, 23:45
- Türkiýe — Fransiýa, 23:45
- Wengriýa — Ukraina, 23:45
- Şwesiýa — Rumyniýa, 23:45
- Polşa — Bosniýa we Gersegowina, 23:45
- Çernogoriýa — Kipr, 23:45
- Gruziýa — Demirgazyk Irlandiýa, 21:00
- Ermenistan — Latwiýa, 21:00
26-njy sentýabr:
- Angliýa — Ispaniýa, 23:45
- Çehiýa — Horwatiýa, 23:45
- Sloweniýa — Şotlandiýa, 18:00
- Demirgazyk Makedoniýa — Şweýsariýa, 23:45
- Islandiýa — Estoniýa, 23:45
- Bolgariýa — Lýuksemburg, 21:00
- Farer adalary — Gazagystan, 21:00
- San-Marino — Finlýandiýa, 21:00
- Slowakiýa — Moldowa, 23:45
- Albaniýa — Belarus, 23:45
2-nji tapgyr
27-nji sentýabr:
- Germaniýa — Gresiýa, 23:45
- Norwegiýa — Portugaliýa, 23:45
- Serbiýa — Niderlandlar, 21:00
- Daniýa — Wels, 21:00
- Awstriýa — Kosowo, 20:00
- Gibraltar — Andorra, 20:00
- Litwa — Azerbaýjan, 17:00
- Ysraýyl — Irlandiýa, 23:45
28-nji sentýabr:
- Belgiýa — Fransiýa, 23:45
- Türkiýe — Italiýa, 23:45
- Gruziýa — Ukraina, 20:00
- Ermenistan — Çernogoriýa, 20:00
- Latwiýa — Kipr, 20:00
- Demirgazyk Irlandiýa — Wengriýa, 23:45
- Rumyniýa — Bosniýa we Gersegowina, 23:45
- Şwesiýa — Polşa, 23:45
29-njy sentýabr:
- Ispaniýa — Horwatiýa, 23:45
- Çehiýa — Angliýa, 23:45
- Şotlandiýa — Şweýsariýa, 23:45
- Sloweniýa — Demirgazyk Makedoniýa, 23:45
- Moldowa — Farer adalary, 20:00
- Finlýandiýa — Belarus, 20:00
- San-Marino — Albaniýa, 23:45
- Slowakiýa — Gazagystan, 23:45
- Bolgariýa — Estoniýa, 23:45
- Lýuksemburg — Islandiýa, 23:45