Türkmenistanyň bilim ministri düýpli kemçilikler üçin işden boşadyldy

25.08.2021, 23:2028,486

Türkmenistanyň Prezidenti Hökümetiň 25-nji awgustda geçirilen giňişleýin mejlisinde degişli resminama gol çekip, Orazgeldi Gurbanowy işde goýberen düýpli kemçilikleri üçin, Türkmenistanyň bilim ministri wezipesinden boşatdy.

Türkmen Lideri bu wezipä Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň we Zenanlar birleşiginiň başlygy wezipelerinde işleýän Gurbangül Ataýewany belledi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.