Sentýabrda ýene-de 4 sany iri desga ulanylmaga berler

11.09.2021, 10:2013,107

6-njy sentýabrdaky ýagdaýa görä, Türkmenistanda iri önümçilik we durmuş maksatly binalaryň 50-den gowragy ulanylmaga berildi. Şu aýyň dowamynda ýene-de 4 sany bina ulanylmaga berler. Bular barada Hökümetiň 8 aýyň jemlerine bagyşlanyp geçirilen nobatdaky mejlisinde wise-premýer Serdar Berdimuhamedow hasabat berdi.

Şu ýyl ulanylmaga beriljek hatarynda A.Nyýazow şaýoly bilen Hoja Ahmet Ýasawy köçesiniň demirgazyk-günbatar tarapynda döwrebap seýilgäh, ýerasty geçelgeler bar. Döwlet münberiniň toplumy, paýtagtymyzyň Tähran köçesiniň ugrunda Söwda we dynç alyş, işewürlik merkezlerinde hem-de döwrebap ýaşaýyş jaýlarynda gurluşyk-gurnama işleri tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň Prezidentiniň 2021-nji ýylyň 30-njy iýulyndaky degişli Kararyna laýyklykda, Ýokary gözegçilik edarasy ulanmaga berilmeli binalaryň we desgalaryň gurluşygynyň öz wagtynda, ýokary hilli tamamlanmagyny berk gözegçilikde saklaýar. Gurluşyk işleriniň hil derejesi hemişelik üns merkezinde durýar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.