Ýewropada bitkoini döreden adama ýadygärlik dikildi

19.09.2021, 15:2611,069

Ýakynda Wengriýanyň paýtagty Budapeştde bitkoin kripto walýutasyny esaslandyran Satoşi Nakamoto üçin ýadygärlik dikildi. Bu barada ferra.ru habar berdi.

Çeşmäniň habar bermegine görä, Satoşi Nakamoto - rowaýaty şahsyýet hasaplanýar. Sebäbi onuň kimdigi - erkekmi, aýalmy ýa-da bir pikire uýýan adamlaryň toparymy - bu henizem nämälimligine galýar. Şonuň üçin hem heýkelde belli bir adamyň şekili görkezilmän, ýüzüň ýerine aýnaly sudur ýerleşdirilipdir.

Satoşi Nakamotonyň şahsyýeti barada has ýörgünli bir çaklama bar. Aýdylmagyna görä, Satoşi Nakamoto - kompaniýalarynyň atlarynyň ilkinji harplarynyň utgaşmasydyr, ýagny - Samsung-Toshiba-Nakamichi-Motorola.

Heýkeliň awtorlary munuň bitkoini we umuman, "kripto" nyşanyny alamatlandyrýandygyny öňe sürýärler. Şeýle hem, ol "sanly altyny" goldaýanlaryň her biriniň Satoşidigini aňladýar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.