Arheologlar Wengriýadaky orta asyr galasynda syrly şahta tapdylar

Şu gün, 17:32898
1 / 2

Arheologlar Wengriýanyň günbataryndaky orta asyrlara degişli Essegwar galasynda geçirilen gazuw-agtaryş işleriniň dowamynda güýçli gyzgynyň täsiriniň yzlary galan adaty bolmadyk daş gurluşyny tapdy. Onuň ilkibaşda näme maksat bilen ulanylandygy häzirlikçe belli däl. Bu barada Heritage Daily habar berýär.

Tapylan gurluş uly daşlar bilen örtülen kiçijik şahtany ýatladýar. Onuň düýbünde, diwarynda we içini dolduran gatlagyň arasynda ýanygyň ýa-da güýçli gyzgynyň täsiriniň yzlary ýüze çykaryldy.

Gözlegçilerde bu gurluşyň demir ýa-da bürünç işlemek ýaly önümçilik maksady bilen ulanylan bolmagy mümkin diýen çaklama-da bar. Ýöne onuň golaýyndan metal işlenende syçraýan galyndy ýa-da erän metallaryň yzlary tapylmady. Desga kerpiç, hek ýa-da keramika bişirmek üçin ulanylan orta asyr kürelerine hem meňzemeýär.

Geçirilen barlaglar bu şahtanyň gala diwarlary gurulmazdan öň hem ulanylandygyny görkezdi. Galanyň demirgazyk böleginde Wengriýanyň patyşalary Bela III bilen Andreý II-niň döwrüne degişli teňňeler tapyldy. Arheologlaryň pikiriçe, bu bölegiň XIII asyryň ikinji ýarymynda gurlan bolmagy ahmal.

Gazuw-agtaryş işleri wagtynda XV asyra degişli başga-da birnäçe tapyndy ýüze çykaryldy. Olaryň arasynda keramiki bölekler, haýwan süňkleri, peýkam uçlary, süýlüp ýasalan demir pyçak, kümüş teňňeler, egin-eşik bezegleri we gotika döwrüne degişli gapynyň bölekleri bar.

Gözlegçileriň ýene bir tapyndysy öňki kerpiç diň bilen daş köşgüniň arasyndaky daşky diwarda ýerleşen dar gapy boldy. Soňra bu gapy bilkastlaýyn örülip ýapylypdyr.

Şeýle-de bolsa, güýçli gyzgynyň yzlary bolan şahta häzirlikçe gazuw-agtaryş işleriniň iň syrly tapyndysy bolmagynda galýar. Alymlar geljekki barlaglaryň onuň näme maksat bilen ulanylandygyny anyklamaga kömek etjekdigine bil baglaýar.