Apple özüniň iki milliardynjy iPhone smartfonyny satdy

28.09.2021, 07:476,621

Apple özüni iki milliardynjy iPhone smartfonyny satmagy başardy. Bu barada www.ixbt.com habar berdi.

iPhone dünýädäki iň iri smartfonlar hatary bolup durýar. 2016-njy ýylyň iýul aýynda Apple-iň baş direktory Tim Kuk bir milliardynjy "iPhone"-yň satylandygy barada hasabat berdi. Şondan bäri bäş ýyl geçdi, ine-de, Apple-iň satan smartfonlarynyň sany üçünji milliarda tarap ýol aldy: “Asymco”-nyň düýn ýaýradan analitik hasabatynda Apple-iň iki milliardynjy smartfonyny satandygy öňe sürülýär.

Munuň üçin kompaniýa jemi 14 ýyl gerek boldy. Iň soňky “iPhone 13”-iň meşhur “iPhone 12”-den gaty bir yza galmaýandygyny göz öňünde tutsaň, üçünji milliarda ýetmek üçin Apple-e indi bäş ýyldan hem az wagt gerek bolar diýip pikir etmek bolýar.

Häzirki wagta çenli bu smartfonlaryň iň meşhury “iPhone 6” we “iPhone 6 Plus” bolup, olaryň 220 milliona golaýy satyldy. Ikinji orunda 150 million sanysy satylan “iPhone 11” bar. Öz döwründe uly meşhurlyga eýe bolan “iPhone 6s” bilen “6s Plus”-yň hem 120 million sanysy satylypdy diýip, çeşme belleýär.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.