Original Apple Watch sagatlary resmi taýdan könelişen diýlip ykrar edildi

03.10.2021, 10:105,197

Apple kompaniýasy könelişen we ulanylyşdan çykan önümleriniň sanawyny täzeledi. Esasy täzelik bu sanawa ilkinji Apple Watch akylly sagatlarynyň goşulmagy boldy diýip, www.ixbt.com habar berýär. 

Belläp geçsek, bu sagatlar Apple-iň sanawyna ilkinji gezek girizilýär. Indi birinji nesliň 38 mm we 42 mm Apple Watch sagatlary resmi taýdan könelişen diýlip hasaplanylýar.

Ilkinji Apple Watch mundan alty ýyldan gowrak ozal, 2015-nji ýylyň aprel aýynda hödürlendi, 2016-njy ýylda bolsa täzelenen Apple Watch Series 1 we Apple Watch Series 2 elýeterli boldy. Kompaniýa Apple Watch sagatlaryny her ýyl täzelemegini dowam etdirdi, 2021-nji ýylyň oktýabr aýynda hem Apple Watch Series 7 satuwa çykmaly.

Apple “könelişenleriň” hataryna 5 ýyldan gowrak we azyndan 7 ýyl ozal önümçilikden aýrylan önümleri goşýar. Şeýle gurluşlaryň abatlaýyş işleri diňe ätiýaçlyk şaýlary bolan ýagdaýynda Apple-iň serwis merkezleri tarapyndan alnyp barylýar. Ýene birnäçe ýyldan original Apple Watch sagatlary ulanylyşdan çykanlaryň hataryna goşular we olaryň hyzmaty doly derejede bes ediler. 

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.