Türkmenistanda Döwlet bilim edaralary hakyndaky Düzgünnamalar tassyklanyldy

23.10.2021, 14:4818,163

Türkmenistanyň Prezidentiniň 22-nji oktýabrda geçirilen Hökümet mejlisinde gol çeken Karary esasynda Döwlet hünär-tehniki bilim edaralary hakyndaky Düzgünnama, Döwlet orta hünär bilimi edaralary hakyndaky Düzgünnama, Döwlet ýokary hünär bilimi edaralary hakyndaky Düzgünnama tassyklanyldy.

Resminamalar döwlet hünär bilim edaralarynyň işini düzgünleşdirmek hem-de hünär biliminiň ýokary hilini üpjün etmek maksady bilen kabul edildi. Bu resminamalaryň mazmunyna hünär bilimi ulgamyndaky gatnaşyklaryň hukuk binýadyny düzgünleşdirýän, bilim işini dolandyrmagyň täze, döwrebap guramaçylyk esaslaryny kesgitleýän kadalar hem-de düzgünler, döwlet syýasatynyň ýörelgeleri, hünär biliminiň bilim maksatnamalaryna bildirilýän häzirki zaman talaplary girizildi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.