Werstappen ABŞ-nyň Gran-prisinde ýeňiji bolup, «Formula-1-iň» umumy sanawynda liderligini saklady

25.10.2021, 08:132,984

“Red Bull” toparynyň niderlandly sürüjisi Maks Werstappen “Formula-1” ulag klasyndaky awtoýaryşlar boýunça dünýä çempionatynyň 17-nji tapgyry bolan ABŞ-nyň Gran-prisinde ýeňiji boldy. Ýaryş Tehas ştatynyň Ostin şäherinde geçirildi.

Ikinji orny “Mersedesden” britaniýaly Lýuis Hemilton, üçünji orny Ferstappeniň topardaşy meksikaly Serhio Peres eýeledi. Ispaniýaly Fernando Alonso (“Alpin”), fransiýaly Esteban Okon (“Alpin”) we Pýer Gasli (“Alfa Tauri”) distansiýadan çykdylar.

Werstappen umumy sanawda liderligi saklady (287,5 utuk), ikinji orunda Hemilton (275,5), üçünji orunda “Mersedesden” finlýandiýaly Waltteri Bottas (185) ýerleşýär. Konstruktorlaryň kubogynda birinji orny “Mersedes” eýeleýär (460,5), onuň yzyndan “Red Bull” (437,5) we “Maklaren” (254) gelýär.

Indiki tapgyr 5 – 7-nji noýabrda Meksikada geçiriler.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.