Nikkei: Apple sentýabr-oktýabr aýlarynda çip ýetmezçiligi sebäpli iPhone 13-iň önümçiligini 20% azaltdy

10.12.2021, 17:557,723

Apple kompaniýasynyň iPhone 13 smartfonlarynyň önümçilik möçberi zerur bölekleriň ýetmezçiligi we Hytaýda elektrik energiýasynyň ulanylyşynyň çäklendirilmegi sebäpli şu ýylyň sentýabr we oktýabr aýlarynda göz öňünde tutulan meýilnamadan 20%, iPad planşetleriniň önümçilik möçberi 50% az boldy. Bu barada çeşmelere salgylanyp, Ýaponiýanyň “Nikkei” gazeti habar berýär. Muny TASS ýetirýär. 

Olaryň maglumatlaryna görä, “bölekleriň we mikroshemalaryň ýetmezçiligi sebäpli baýramçylyk günleri işlemegiň we işgärlere goşmaça tölemegiň manysy ýokdy”. 1-nji oktýabrda Hytaýda HHR-iň döredilen güni bellenilýär we bu sene mynasybetli ýurtda dynç alyş hepdeligi yglan edilýär. Gazet baýramçylyk möwsüminiň hemişe fabrikleriň önümçiligi artdyrmaga taýýarlanýan wagty bolandygyny belleýär.  

Mundan başga-da, neşir noýabr aýynyň başyna çenli geçen ýyllaryň iPad we iPhone modelleriniň önümçiligi bilen bagly ýagdaýyň gowulaşmandygyny belleýär. Deslapky hasaplamalara görä, öňki smartfon modelleriniň önümçiligi 25% azaldy.

Oktýabr aýynda Apple kompaniýasynyň meýilleşdirilenden 10 mln smartfon az çykaryp biljekdigi habar berildi. Noýabr aýynda korporasiýa iPhone 13-iň önümçiligi üçin has köp çip ulanar ýaly öndürilýän planşetleriň sanyny birden azaltdy. 

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.