Sprout startapy galyndysyndan arça ösdürip bolýan galam döretdi

31.12.2021, 18:456,797

Internetde Daniýanyň Sprout startapynyň üýtgeşik täzeligi hakynda maglumatlar peýda boldy. Kompaniýa galyndysyndan Täze ýyl arçasyny ösdürip bolýan galamyň önümçiligine başlady. Bu barada Euronews-a salgylanyp, ferra.ru habar berdi.

Bu galamlar ekologiýa taýdan arassa agaçdan ýasalýar. Şol bir wagtyň özünde, galamyň "syýasy", ýagny grafit özeni düýbünden zäherli däldigi aýdylýar.
Ulanylandan soňra arça ösdürip ýetişdirmek üçin galamyň özenine tohumly biokapsula ýerleşdirilýär. Munuň netijesinde, galamyň galyndylaryny toprakly güldana oturtmak we adaty ösümlik ýaly ideg etmek ýeterlikdir diýip, çeşme belleýär.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.