ABŞ Halkara Kosmos Stansiýasynyň işini 2030-njy ýyla çenli uzaldar

04.01.2022, 17:052,858

NASA-nyň habaryna görä, ABŞ Halkara Kosmos Stansiýasynyň işini 2030-njy ýyla çenli uzaltmak isleýär. Bu barada kp.ru habar berýär.

Agentligiň web sahypasyna görä, NASA-nyň başlygy Bill Nelson 31-nji dekabrda Baýden bilen Harrisiň administrasiýasynyň HKS-iň işini 2030-njy ýyla çenli uzaltmagy we Ýewropa, Ýaponiýa, Kanada we Russiýa ýaly halkara hyzmatdaşlar bilen işleşmegi maksat edinýändigini mälim etdi. Hasabatda ABŞ-nyň hökümetiniň adamzadyň peýdasyna ägirt uly ylmy, bilim we tehnologiki ösüşleri getiren stansiýada ylmy gözlegleri dowam etdirmekçidigi nygtalýar.
NASA Halkara Kosmos Stansiýasynyň öz işini azyndan 2028-e çenli ýa-da ondanam uzak dowam etdirip biljekdigini aýtdy. Ondan öň Roskosmos 2028-nji ýylda HKS-iň ulanylmagynyň bes edilýändigini habar berdi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.