N.F.Gamaleýa adyndaky Epidemiologiýanyň we mikrobiologiýanyň ylmy-barlag instituty tarapyndan işlenilip düzülen «Sputnik V» rus sanjymy koronawirusyň omikron ştammyna garşy göreşde 75 göterim netijelilik görkezdi. Bu barada ylmy edaranyň direktory Aleksandr Ginsburg Reproduktiw lukmançylyk boýunça XVI Halkara kongresinde habar berdi. Muny RBC ýetirýär.
«Ählitaraplaýyn populýasiýada «Sputnik V-niň» omikron babatda netijeliligi protektiwdir, ol 75%-e deň» — diýip alym aýtdy.
Merkeziň ýolbaşçysynyň düşündirmegine görä, ýarym - bir ýyldan soň «Sputnik V-niň» omikrona garşy berýän gorag netijeliligi 56-57%-e çenli peseler, emma buster sanjymy hökmünde ýarym ýyldan «Sputnik Laýt» sanjymynyň alynmagy goragy 100%-e çykarar.
Ginsburg bu maglumatlaryň Russiýanyň Saglygy goraýyş ministrliginiň sanjym işlerini her ýarym ýyldan geçirip durmak baradaky maslahatlaryny dolulygyna tassyklaýar.