TDU-da we Lebapdaky mugallymçylyk institutynda ÝUNESKO kafedralaryny döretmek işini çaltlandyrmaly

01.02.2022, 12:2710,017

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň hem-de Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly 31-nji ýanwarda geçirilen iş maslahatynda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow wise-premýer S.Toýlyýewe hem ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek bilen bagly anyk tabşyryklary berdi.

Hususan-da, türkmen Lideri Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde hem-de Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda ÝUNESKO kafedralaryny döretmek boýunça işleri çaltlandyrmagy hem-de ÝUNESKO-nyň mekdepler assosiasiýasyna ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdepleriniň käbirini girizmek boýunça alnyp barylýan işleri güýçlendirmegi tabşyrdy.

Şeýle hem wise-premýere halkymyzyň dünýä medeniýetine goşan goşandyny, maddy we ruhy medeniýetini düýpli öwrenmek hem-de giňden wagyz etmek boýunça geçirilýän işleri has-da güýçlendirmek, şöhratly taryhymyzy, edebiýatymyzy, aýdym-saz sungatymyzy dürli döwürlerde ýazylan çeşmelerde we arheologik tapyndylarda duş gelýän maglumatlar esasynda halkara ylmy jemgyýetçiligine giňden ýetirmek boýunça degişli işleri geçirmek tabşyryldy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.