BSGG-niň Ýewropa sebitinde kowid bilen keselleýänleriň sany 3 hepde bäri azalyp gelýär

14.03.2022, 14:195,217

BSGG-niň Ýewropa sebitinde COVID-19 bilen keselleýänleriň we kesel netijesinde ýogalýanlaryň sany 10-njy fewraldan başlap gyşarnyksyz azalýar. Bu barada brifingde BSGG-niň Ýewropa boýunça sebit edarasynyň direktory Hans Kluge habar berdi.

«BSGG-niň Ýewropa sebitinde COVID-19 bilen keselleýänleriň we onuň netijesinde ýogalýanlaryň sany 10-njy fewraldan başlap her hepde azalmak bilen»  — diýip, ol habar berdi.

Şol bir wagtda Klýuge sebitiň ýurtlaryny «waksinasiýany saklamak we hüşgärligi elden bermezlik arkaly optimizmi sazlamaga» çagyrdy. Şeýle-de, BSGG jemgyýetçilik saglygyny goraýyş we sosial çäreler çygryndaky islendik çäklendirmeler, şol sanda test geçirmeler, ýatyrylan ýagdaýynda hem, zerur bolanda, olaryň tizden-tiz ýagdaýda täzeden ýola goýulmagyny isleýär.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.