Porsche 2030-njy ýyla çenli 80% elektromobilleri çykarmaga girişmegi meýilleşdirýär

23.03.2022, 22:556,135

Germaniýanyň Volkswagen Group kompaniýasyna degişli Porsche AG "lýuks" klasly awtoulaglaryň brendi 2030-njy ýyla çenli önümçiliginiň umumy göwrüminiň 80% -ni elektrohereketlendirijili awtoulaglary goýbermäge gönükdirmegi göz öňünde tutýar diýip, kompaniýanyň habarynda aýdylýar.

Owal Porsche bu görkezijä diňe bir elektromobiller däl, eýsem gibrid hereketlendirijili ulaglar hem girer diýip umyt baglaýardy.

"Porscheniň geljegi - elektriki" - diýip, kompaniýanyň baş ýerine ýetiriji direktory Oliwer Blume nygtaýar.

Geçen ýylyň jemi boýunça häzirki wagtda Porsche-niň çykarýan ýeke-täk elektrokary bolan Taycan elektrowersiýasynyň satuwy 911 sport modeliniň satuwyndan ýokary boldy, bu bolsa öňegidişlige bil bagladýar.
Şeýlelikde, 2021-nji ýylda elektriki konfigurasiýaly Taycanyň 41 296 sanysy ýerlendi, 911 modeliniň bolsa - 38 464 sanysy satyldy. Bu iki model üçinem rekord görkezijidir. Netijede, satylan awtoulaglaryň umumy sanynyň 14%-i Taycanyň paýyna düşýär.
Porsche Macanyň elektrik wersiýasyny 2023-nji ýylda, 718 modeliniňkini bolsa 2025 ýylda çykaryp başlamagy niýet edinýär. Şeýle hem 911-iň gibrid wersiýasyny çykarmak meýilleşdirilýär, ýöne Blum  onuň haçan çykarylyp başlanjagyny takyk aýtmady.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.