Serdar Berdimuhamedow türkmenistanlylary Bütindünýä saglyk güni bilen gutlady

07.04.2022, 06:1918,673

Şu gün — 7-nji aprelde Bütindünýä saglyk güni bellenilýär. Milli senenama laýyklykda, Türkmenistanda-da giňden dabaralandyrylýan bu sene mynasybetli Prezident Serdar Berdimuhamedow türkmen halkyna Gutlag iberdi.

«Bütindünýä saglyk güni dostlugyň we parahatçylygyň, sportuň hem-de ynsanperwerligiň belent ýörelgelerini dabaralandyrýan, jemgyýetimiziň agzybirligini we jebisligini alamatlandyrýan şanly sene hökmünde milli senenamamyzda aýratyn orun tutýar. Şonuň üçin hem bütindünýä bileleşik bilen birlikde eziz Diýarymyzda ýaz paslynyň jana şypaly günlerinde bu halkara baýram ýokary ruhubelentlikde, giňden bellenilýär» diýip, döwlet Baştutany öz Gutlagynda Bütindünýä saglyk gününiň şanyna köpçülikleýin bedenterbiýe-sport we sagdyn durmuş-medeni çäreleriniň geçirilmeginiň sagdynlygyň, ruhubelentligiň ýurdy hökmünde Türkmenistanyň abraýyny dünýä ýaýýandygyny aýratyn nygtady. 

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.