Xiaomi kompaniýasynyň döredilenine 12 ýyl doldy

07.04.2022, 14:356,983

6-njy aprelde Xiaomi hytaý kompaniýasy esaslandyrylmagynyň 12 ýyllygyny belläp geçdi. Bu şanly sene mynasybetli Xiaomi-niň esaslandyryjysy we baş direktory Leý Szýuan kompaniýanyň muşdaklaryna açyk hat ýollady.

Hatda bellenilişi ýaly, ýubileý mynasybetli kompaniýa sowgatly we arzanladyşly Mi Fan Festival 11-nji festiwalyny başlatdy. Onuň çäklerinde 300 sany Redmi Note 11 XFF Special Edition sowgatlaryny utmak mümkinçiligi döredildi.
Arzanladyş aksiýasy Hytaý üçin bolşy ýaly, halkara bazar üçin hem elýeterlidir.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.