Serdar Berdimuhamedow daşary ýurtly kärdeşlerine we halkara guramalaryň ýolbaşçylaryna gutlaglary iberdi

24.04.2022, 13:3712,649

Prezident Serdar Berdimuhamedow dostlukly ýurtlaryň döwlet we Hökümet Baştutanlaryna, iri halkara guramalaryň ýolbaşçylaryna mukaddes Oraza baýramy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny iberdi.

Gutlaglarynda bu baýramyň belent ynsanperwerlik, asyllylyk hem-de hoşniýetlilik ýörelgelerini alamatlandyrýandygyny belläp, döwlet Baştutany dostlukly ýurtlaryň döwlet we Hökümet Baştutanlaryna, iri halkara guramalaryň ýolbaşçylaryna berk jan saglyk, bagt we abadançylyk, dünýäniň ähli halklaryna hem-de bütin musulman ymmatyna bolsa parahatçylyk, ösüş we rowaçlyk baradaky iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.