Apple-iň üç aýky girdejisi 97,3 mlrd dollara çenli artdy

01.05.2022, 18:554,017

Geçen üç aýyň jemi boýunça Apple kompaniýasynyň girdejisi, öten ýylyň görkezijisi bilen deňeşdirilende, 9% artdy diýip, Trend habar berýär.

26-njy martda tamamlanan üç aýlyk hasabat döwrüniň dowamynda Apple-iň girdejisi 97,278 mlrd dollar boldy.
Üstümizdäki  ýylyň geçen çärýeginiň jemi boýunça alan arassa girdejisi 25,01 mlrd dollar boldy.
Kompaniýanyň maliýe görkezijileri ekspertleriň garaşyşyndanam agdyk geldi. iPhone Apple-iň esasy önümi bolmagynda galýar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.