Apple Hytaýda planşet öndürmegini bes eder

04.06.2022, 09:146,786

Apple iPad planşetleriniň önümçiligini Hytaýdan Wýetnama geçirer. Bu barada Nikkei Asia agentligi habar berdi diýip, lenta.ru belleýär. 

Ýakyn wagtda amerikan kompaniýasy Wýetnamda planşet öndürip başlar. Öň, Apple iPad-y Hytaýda çykarýardy, ýöne sargytlary başga sebite geçirmek kararyna geldi. Hünärmenleriň aýtmagyna görä, korporasiýa ilkinji gezek şeýle karara gelýär. Bu AirPods-dan soň Wýetnamda öndürilýän ikinji uly önüm hatarydyr.
Žurnalistleriň habar bermegine görä, Apple iPad önümçiligini Hytaýdaky koronawirus çäklendirmeleri sebäpli geçirmek isleýär. COVID-19-yň ýaýramagy we zawodlaryň ýapylmagy sebäpli planşetleriň goýberiliş möhleti bozuldy. Amerikan IT-ägirdiniň önümçiligi Wýetnama öň geçirmek isländigi, ýöne şeýle ädimiň sebitdäki koronawirus ýaýrawy sebäpli soňa goýlandygy habar berilýär.
Şeýle-de, kompaniýa COVID-19 çäklendirmeleri täsir etmedik üpjün edijilerini komponentleri birnäçe aýa ýeter ýaly ätiýaç edip goýmagy duýdurdy. Bu iPhone 14 seriýasynyň smartfonlarynyň üznüksiz önümçiligini üpjün etmek üçin zerurdyr. Mundan başga-da, kompaniýa iPad, AirPods we MacBook çykarmak üçin komponentlerden ätiýaç edinmegi tabşyrdy. 

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.