«BTS» Disney üçin topar barada dokumental serialyň üstünde işleýär

13.07.2022, 12:0811,209

Günorta Koreýanyň BTS topary Disney kompaniýasy bilen hyzmatdaşlykda birnäçe taslamany işläp taýýarlady. Bu barada “Deadline” neşiri ýazýar. Muny Regnum habarlar agentligi ýetirýär.

Neşiriň maglumatlaryna görä, taslamalaryň sanawyna “BTS Monuments: Beyond The Star” ady bilen topar barada dokumental serial, şeýle-de “BTS: Permission To Dance On Stage – LA” film-konserti girdi. BTS-niň kompaniýasy Hybe bilen The Walt Disney Asia Pacific bölümçesiniň arasyndaky şertnamanyň şertlerine laýyklykda, mazmun Disney-iň global akym serwislerinde, şol sanda Disney Plus-da görkeziler.
Öň, BTS topary karýerasynda arakesme edýändigini habar berdi. Toparyň agzalarynyň aýtmagyna görä, olar solo taslamalaryna ünsi jemlemek isleýärler.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.