Türkmenistanda Garaşsyzlygyň 31 ýyllygyna taýýarlyk başlandy

30.07.2022, 08:348,888

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli dabaralary we çäreleri ýokary derejede geçirmek boýunça guramaçylyk topary döredildi we onuň düzümi tassyklanyldy.

Prezident Serdar Berdimuhamedowyň 29-njy iýulda geçirilen giňişleýin Hökümet mejlisinde gol çeken Kararyna laýyklykda, Medeniýet ministrligi degişli ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary hem-de welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimlikleri bilen bilelikde, Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli geçiriljek dabaralaryň we çäreleriň Meýilnamasynyň taslamasyny taýýarlamaga we Ministrler Kabinetine bermäge borçly edildi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.