Özbegistan milli messenjerini we sosial toruny döreder

09.08.2022, 18:1810,497

Özbegistanyň Innowasion ösüş ministrligi halkara derejesindäki milli sosial toruny döretmek üçin bäsleşik yglan etdi. Bäsleşige gatnaşyjylara taslamany döretmek üçin bir ýyl wagt berler.

Pudagyň metbugat gullugy bäsleşige gatnaşmak üçin arzalaryň 1-nji oktýabra çenli kabul ediljekdigini habar berdi.
Özbegistan  hususy sosial toruny ýa-da messenjerini döretmäge öňem synanyşyk edipdi. 38 sany milli sosial toruň bardygy habar berlenem bolsa, olar köpçülikleýin ulanylýan tora öwrülmediler. Şol bir wagtda ýurtda Facebook, «ВКонтакте
», «Odnoklassniki», Telegram messenjeri meşhurlykdan peýdalanýarlar.