Edinburgyň «gymmat» festiwaly 75 ýyllygyny belleýär

10.08.2022, 08:3012,208

Guramaçylarynyň dünýäde iň bir iri diýip atlandyrýan Edinburg sungat festiwaly özüniň 75 ýaşyny belleýär. Onuň çäklerinde Şotlandiýanyň paýtagty dünýäniň 58 ýurdundan gatnaşýanlaryň 3 müňe golaý çykyşlaryna we şüweleňlerine tomaşa eder diýip, euronews.com  habar berýär.

Guramaçylar festiwalyň “has öz çekiji we elýeterli bolandygyny” aýdýarlar, ýöne gatnaşyjylar Şotlandiýa syýahat etmegiň aňsat däldigini-de gizlemeýärler.

Triniti Silk (aktrisa): “Iri kompaniýamyzy bu ýere getirmek üçin köp pul ýygnamaly bolduk. Bu diýseň kyn. Meniň pikirimçe, şäheriň mundan-da has köp gatnaşyjylary kabul etmäge we sungat işgärlerine has köp goldaw bermege mümkinçiligi bar, bu gaty gowy” diýýär.

Uill Lambert (aktýor): “Bu ýerde hemme zat juda gymmat. Muny tomaşaçylar siziň bilmegiňiz hökmandyr. Sebäbi siz düşünmän bu ýere düşewüntsiz şüweleň getirseňiz, köp pul ýitirersiňiz” diýip, açyk ýagdaýda habar berýär.

Şeýle-de bolsa gatnaşyjylar, esasanam tomaşaçylar Edinburg festiwalynyň pandemiýadan soň doly göwrümli gaýdyp gelendigine begenýärler.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.