Taýson Fýuri Derek Çisora bilen tutluşmagyň hatyrasyna ringe dolanýar

11.08.2022, 16:4015,215

Boksçylaryň bütindünýä geňeşiniň (WВC) wersiýasy boýunça iň agyr agramdaky dünýä çempiony, britaniýaly Taýson Fýuri karýerasynyň tamamlanandygyny mälim edipdi.

«Men boksa dolanmagy karar etdim, sebäbi men taryhda iki trilogiýasy bolan, iň agyr agramdaky birinji dünýä çempiony bolup bilerin. Men karýeramyň soňunda Derek Çisora bilen tutluşjakdygymy  mydama gaýtalap geldim» diýip, ESPN 33 ýaşly Fýuriniň sözlerini getirýär.

ESPN-iň salgylanýan çeşmeleriniň maglumatlaryna görä, tutluşygyň üstümizdäki ýylyň dekabrynda Kardiffde geçmegi mümkin.
Fýuri häzir 38 ýaşly Çisora bilen 2011-nji we 2014-nji ýyllarda duşuşypdy we iki gezeginde-de utupdy. Fýuri soňky tutluşygyna 2022-nji ýylyň aprel aýynda çykdy we watandaşy Dillian Uaýty nokaut bilen ýeňdi. Fýuri professional ringde jemi 33 tutluşygy geçirip, 32 (23-sinde nokaut bilen) ýeňiş gazandy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.