Serena Uilýams ýakynda karýerasyny tamamlajakdygyny mälim etdi

12.08.2022, 12:1712,786

Amerikaly tennisçi Serena Uilýams tükeniksiz oýnap bolmaýandygyny belläp, sport karýerasyny tamamlamakçydygyny ýaňzytdy.

Uilýams duşenbe güni ispaniýaly türgen Nuriýa Parrizas-Diasy ýeňip, Torontoda (Kanada) geçen WTA 1000 kategoriýaly turniriň ikinji raundyna çykdy.

«Uzyn ötügiň aňrybaşyndaky yşyk görnüp ugrady öýdýän. Men şol ýagtylyga golaýlaýan. Oňa ýetýänçäm garaşmaga takat gutardy. Ol — erkinligiň ýagtylygy. Men tennis oýnamagy gowy görýän —  bu örän ajaýyp oýun. Ýöne siz düşüniň, men ony tükeniksiz oýnap bilmen-ä» diýip, Zenanlaryň tennis assosiasiasynyň (WTA) metbugat gullugy Uilýamsyň sözlerini getirýär.

Uilýams WTA-nyň turynda 2021-nji ýylyň tomsundan bäri oýnanok. Iýunyň ahyrynda 40 ýaşly tennisçi zenan Uimbldon turnirinde göründi, emma fransuz türgeni Harmoni Tandan utulyp, birinji aýlawy geçip bilmedi. Amerikaly türgen iýulda WTA-nyň reýtinginden çykaryldy. Uilýams ýekelikdäki razýadda Uly tuwulganyň turnirleriniň 23 gezek ýeňijisi bolupdy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.