Serena Uilýamsyň oýny adamlaryň gatnaşygy boýunça US Open-iň rekordyny goýdy

01.09.2022, 11:0610,191

ABŞ-nyň tennis boýunça Açyk çempionatynyň amerikaly Serena Uilýams bilen çernogoriýaly Danki Kowiniçiň arasyndaky birinji tapgyr oýny ýaryşyň agşamky sessiýalarynda adamlaryň gatnaşygy boýunça rekord goýdy diýlip, US Open-iň saýtynda habar berilýär. Muny sport-interfax.ru ýetirýär.

Maglumatlara görä, münberde 29 402 adam bardy. Olaryň arasynda Bill Klinton, Hýu Jekman, Maýk Taýson, Lindsi Wonn ýaly meşhur adamlar hem bar.
Duşuşyk 6:3, 6:3 hasabynda amerikalynyň ýeňmegi bilen tamamlandy.
Öň, Uilýams Us Open-2022-den soň karýerasyny tamamlajakdygyny aýtdy. Serena Uilýams ýekelikde Uly tuwulga ýaryşlarynyň 23 gezek ýeňijisidir.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.