Älem TV AŞTU-nyň we «Türkmentelekomyň» müşderilerine indi IPTV-ni hem hödürleýär

03.09.2022, 09:2578,629

Ýewropanyň we Aziýanyň ýörgünli teleýaýlymlaryny, meşhur sport, rus, türk, özbek we hindi teleýaýlymlaryny gije-gündizleýin hödürleýän Älem TV telewideniýe operatory indi AŞTU-nyň hem-de «Türkmentelekom» EAK-nyň müşderileri üçin IPTV hyzmatyny hem elýeterli etdi.

AŞTU-nyň hem-de «Türkmentelekomyň» hyzmatlaryndan peýdalanýan müşderiler indi Älem TV IP telewideniýesini hem aňsatlyk bilen birikdirip bilerler.

Älem TV telewideniýe operatory IPTV hyzmatynynden 15-nji sentýabra çenli mugt peýdalanmagy teklip edýär.
Soňra her aýlyk töleg – 50 manat.

Türkmenistanyň ilkinji «TürkmenÄlem 52°E» aragatnaşyk emeli hemrasyndan alyp görkezişi amala aşyrýan Älem TV-niň binýadynda dünýäniň 200-e golaý meşhur teleýaýlymlarynyň bardygyny ýatladýarys.

Hyzmaty birikdirmek üçin şu telefon belgilerinden habarlaşyp bilersiňiz:
+99365 019998
; +99365 317887

Tehniki soraglar üçin: +99361 859499

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.