Serdar Berdimuhamedow geljek ýylyň ady bilen bagly teklipleri öwrenmegi tabşyrdy

10.09.2022, 09:4719,145

9-njy sentýabrda sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisinde Prezident Serdar Berdimuhamedow Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygyna we Halk Maslahatynyň Başlygynyň orunbasaryna 2023-nji ýyly mynasyp atlandyrmak boýunça teklipleri öwrenmegi tabşyrdy.

Mejlisiň dowamynda döwlet Baştutany Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy boýunça Türkmenistanda her ýyla mynasyp at bermegiň asylly däbe öwrülendigini belläp, 2023-nji ýyly mynasyp atlandyrmak boýunça ýurdumyzyň dürli künjeklerinden, jemgyýetçilik guramalaryndan, raýatlarymyzdan we ýaşlardan gelip gowuşýan teklipleri öwrenmegiň wajypdygyna ünsi çekdi hem-de bu ugurda degişli düzümler bilen utgaşykly işiň ýola goýulmagynyň zerurdygyny nygtady.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.