Baş keşpde Dueýn Jonsonyň oýnamagynda «Gara Adamyň» birinji treýleri çykdy

12.09.2022, 23:2414,298

Warner Bros. kinokompaniýasy «Gara Adam» kinokomiksiniň täze treýlerini hödürledi. Rolik YouTube-kanalda çykdy.

Film - "Şazam" lentasynyň spin-off-y! Kinokartinanyň sýužeti boýunça müsürli gul Gara Adam 5 müň ýyl tussaglykda oturandan soň ýaňadan dogulýar we üýtgeşik ukyba, ýagny ynsana mahsus däl güýje eýe bolýar we ýyldyrymlara diýenini etdirip başlaýar.

"Ol azatlyga çykanda "Adalat jemgyýetini" döreden häzirki zaman gahrymanlary oňa garşy çykyp ugraýarlar" - diýip, treýleriň beýanynda bellenýär.

Wakalar Betmen, Supermen, Şazam, Täsin-zenan bilen bir älemde ýaýbaňlanýar.
Filmiň dünýä tanyşdyrylyşyny 21-nji oktýabrda geçirmek bellendi. Taslamanyň režissýory bolup Žaume Kolýet-Serra çykýar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.