Forbes dünýäniň iň gymmat toparlarynyň reýtingini düzdi

12.09.2022, 23:578,083

“Forbes” neşiri dürli sport görnüşlerinden dünýäniň iň gymmat sport toparlarynyň reýtingini düzdi. Bu barada gazeta.ru habar berýär.

Futbol klublarynyň arasynda birinji orny 5,1 mlrd dollar bilen bahalandyrylan “Real” eýeledi. Şeýle-de bolsa, dünýäniň sport toparlarynyň umumy reýtinginde bu klub 13-nji orunda ýerleşdi. Madridiň kluby Çempionlar ligasynyň kubogyny 14 gezek utdy, bu bolsa ähli toparlaryň arasynda rekorddyr.
Futbol klublarynyň arasynda ikinji orny “Barselona” eýeledi (5 mlrd dollar, umumy reýtingde 15-nji orun). Futbol toparlarynyň arasynda üçünji orna “Mançester Ýunaýted” mynasyp boldy (4,6 mlrd dollar, 19-njy orun).
Şeýle-de, reýtinge “Liwerpul” (4,45 mlrd dollar, 22-nji orun), “Bawariýa” (4,28 mlrd dollar, 23-nji orun), “Mançester Siti” (4,25 mlrd dollar, 24-nji orun), “PSŽ” (3,2 mlrd dollar, 48-nji) we “Çelsi” (3,1 mlrd dollar, 50-nji) girdi.
“Forbesiň” dünýäniň iň gymmat toparlarynyň umumy sanawynda birinji orny Milli futbol ligasynyň (amerikan futboly) “Dallas” kluby eýeledi. Onuň bahasy 8 mlrd dollar bilen bahalandyrylýar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.