Ýohan Kroýfuň ogly «Barselonanyň» sport direktory boldy

17.09.2022, 15:509,372

Ýordi Kroýf ispan «Barselonasynyň» sport direktory boldy diýip, futbol klubunyň resmi saýtynda habar berilýär. 

Kroýf bu wezipäni 1-nji iýuldan bäri eýeleýär. Geçen möwsümde ol  "Barselonada" halkara bölümiň direktory bolup işläpdi we soňky iki transfer penjiresi wagtynda sport iş toparynyň agzasy hökmünde klubuň işine işeňňir gatnaşýardy.
Ýordi Kroýf - "Barselonanyň" öňki oýunçysy, "Altyn pökginiň" üç gezek eýesi Ýohan Kroýfuň ogly. Uly Kroýf  katalonlylaryň baş tälimçisi hökmünde Ispaniýanyň çempionatynda kluba üç gezek:  bir gezek - Ispaniýanyň Kubogynda, üç gezek - Ispaniýanyň Superkubogynda ýeňiş gazandyrdy. Onuň baştutanlygynda "Barselona" Ýewropa çempionlarynyň kubogyna, Kubok eýeleriniň kubogyna we Ýewropanyň Superkubogyna eýe boldy. Kiçi Kroýf katalon klubunyň düzüminde ýurduň Superkubogyny gazandy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.