Türkmenistanda baýramçylyk mynasybetli 14 sany iri önümçilik-durmuş maksatly desga açylar

23.09.2022, 23:2514,120

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygy mynasybetli iri önümçilik we durmuş maksatly binalaryň hem-de desgalaryň 14-sini ulanmaga bermek göz öňünde tutulýar. Bu barada wise-premýer Ç.Purçekow 23-nji sentýabrda geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda habar berdi.

Wise-premýeriň belleýşi ýaly, esasy dabaralaryň  guraljak ýeri bolan paýtagtymyzy baýramçylyk görnüşinde bezemek hem-de onuň çäklerini mundan beýläk-de abadanlaşdyrmak boýunça degişli çäreler geçirilýär.
Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, meýilleşdirilen ähli dabaraly çäreleriň geçirilmegine örän çynlakaý hem-de jogapkärli çemeleşmegiň zerurdygyny aýtdy hem-de dürli maksatly täze desgalaryň açylmagy mynasybetli dabaralary ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek boýunça wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.