Serdar Berdimuhamedow «Zenan kalby» ordeni bilen sylaglamak hakynda Permana gol çekdi

24.09.2022, 14:1915,486

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň «Zenan kalby» ordeni bilen sylaglamak hakynda Permana gol çekdi. Türkmen Lideri degişli resminama 2022-nji ýylyň 23-nji sentýabrynda gol çekdi.

Resminama laýyklykda, ýurdumyzyň şu raýatlary Türkmenistanyň «Zenan kalby» ordeni bilen sylaglanyldy:

  • Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Aşgabat şäherindäki 132-nji orta mekdebiniň mugallymy Ogultäç Babaýewa,
  • Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Gökdepe etrap komitetiniň işçisi Annaşeker Nurmämmedowa,
  • Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Balkan welaýatynyň Balkanabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 2-nji orta mekdebiniň müdiriniň hojalyk işleri boýunça orunbasary Ogulbibi Atamyradowa,
  • Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrabynyň Akdepe şäheriniň ýaşaýjysy, pensioner Täzegül Aýnazarowa,
  • Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherindäki 22-nji çagalar bagynyň usulçy-terbiýeçisi Ogulboldy Bäşimowna Çopanowa,
  • Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Mary welaýatynyň Türkmengala etrabyndaky 9-njy orta mekdebiniň mugallymy Orazsoltan Annanazarowa.
Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.