Raýatlaryň uly toparyna döwlet sylaglary gowşuryldy

25.09.2022, 12:5418,049

24-nji sentýabrda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygy mynasybetli döwletimiziň we halkymyzyň öňünde bitiren aýratyn hyzmatlary, köp ýyllap çeken halal zähmetleri, ýokary hünär ussatlyklary üçin, Türkmenistanyň raýatlarynyň bir topar «Altyn asyr», «Garaşsyz Türkmenistana bolan beýik söýgüsi üçin» ordenleri, «Gaýrat», «Watana bolan söýgüsi üçin» medallary bilen sylaglandylar.

Döwlet Baştutanymyzyň tabşyrmagy boýunça dabaralara Milli Geňeşiň Mejlisiniň başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary gatnaşyp, oňa gatnaşyjylary Garaşsyzlyk güni bilen mähirli gutladylar hem-de bagtyýarlyk, abadançylyk, mähriban Watanymyzy gülledip ösdürmegiň bähbidine alyp barýan işlerinde täze ýeňişleri hem-de döredijilik üstünliklerini arzuw etdiler.

Şeýle hem okap bilersiňiz: