10-11-nji oktýabrda saglygy goraýyş, bilim we sport boýunça halkara sergi geçiriler

30.09.2022, 23:487,627

10-11-nji oktýabrda  «Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara sergisi we ylmy maslahaty geçiriler. Foruma görülýän taýýarlyk barada wise-premýer N.Amannepesow Hökümet mejlisiniň barşynda hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, halkara sergisine halkara guramalaryň hem-de daşary ýurtlaryň derman serişdelerini we lukmançylyk maksatly önümleri, lukmançylyk we sport enjamlaryny öndürmäge, bilim tehnologiýalaryny işläp taýýarlamaga ýöriteleşen  30-dan gowrak ýurtlaryndan 150-den gowrak kompaniýalaryň wekilleriniň gatnaşmagyna garaşylýar.
Şeýle hem utgaşykly görnüşde geçiriljek ylmy-maslahat dünýäniň 20-ä golaý döwletinden daşary ýurtlaryň esasy ýokary okuw mekdepleriniň alymlaryny hem-de professorlaryny bir ýere jemlär.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.