UEFA Çempionlar ligasynda «Inter» «Barselonadan» üstün çykdy

05.10.2022, 07:228,744

UEFA Çempionlar ligasynyň toparlaýyn tapgyrynyň üçünji duşuşygynda Italiýanyň «Inter» kluby Ispaniýanyň «Barselonasyny» 1:0 hasap bilen ýeňdi.

Duşuşykda ýeke-täk goly birinji ýarymyň ikinji goşulan minudynda Hakan Çalhanoglu geçirdi.
Duşuşyk Milan şäherinde geçirildi.
Klublar «С» toparda çykyş edýärler. Şeýle hem bu tapgyrda «Bawariýa» öz meýdançasynda  5:0 hasap bilen Çehiýanyň «Wiktoriýasyndan» üstün çykdy.
Toparda «Bawariýa» 9 utuk bilen birinji ýerde ýerleşýär. Soňra «Inter» (6), «Barselona» (3) we «Wiktoriýa» (0) gelýär.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.