Mask Twitteriň kömegi bilen birnäçe serwisi birleşdirýän programmany döretjekdigini aýtdy

06.10.2022, 09:437,083

Amerikaly telekeçi Ilon Mask Twitter sosial ulgamyna eýe bolan adybir kompaniýanyň satyn alynmagynyň geljekde özünde birnäçe serwisi birleşdirýän programmany döretmek üçin zerurdygyny aýtdy. Bu barada TASS habar berýär.

Öň, Bloomberg agentligi Maskyň sosial ulgamy ýene-de satyn almakçydygyny habar berdi. Soňrak Twitter telekeçiniň kompaniýany satyn almak baradaky şertnamany tamamlamak isleýändigi hakynda hatyň kabul edilendigini tassyklady.

“Twitteriň satyn alynmagy X-i – hemme zat üçin programmanyň döredilmegini çaltlaşdyrar” – diýip, ol Twitterde ýazdy, ýöne sosial ulgam platformasyny haýsy rolda işe girizmekçidigini aýdyňlaşdyrmady.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.