Samarkantda 11-nji noýabrda türki döwletleriň ilkinji sammiti geçiriler

06.10.2022, 21:557,975

11-nji noýabrda Samarkantda Türki döwletleriň guramasynyň sammiti geçiriler. Bu barada Özbegistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berdi diýip, centralasia.media belleýär.

Bu 2021-nji ýylyň noýabr aýynda Türki geňeşiniň deregine döredilen Türki döwletleriň guramasynyň ilkinji sammiti bolar. Bu guramanyň agzalary Azerbaýjan, Gazagystan, Gyrgyzystan, Türkiýe we Özbegistandyr (2019-njy ýyldan bäri). Wengriýa bilen Türkmenistan synçy statusyna eýe. Özbegistan 2018-nji ýylda gurama agza bolmaga isleg bildirdi we 2019-njy ýylda Bakuwda geçirilen sammitde agza hökmünde kabul edildi.
Öň habar berlişi ýaly, Samarkantda geçiriljek Türki döwletleriň guramasynyň ilkinji sammitinde Türkmenistan doly hukukly agza hökmünde kabul ediler.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.