“Makdonalds” iýmiti bitkoine satyp başlady

09.10.2022, 07:5211,592

Şweýsariýanyň Lugano şäherindäki “Makdon­alds” restorany iými­ti kriptowalýuta sat­yp başlady. Bu barada “Crypto Globe” neş­iri habar berýär diý­ip, gazeta.ru belleýär. Restoranda sargyt üçin bitkoin ýa-da Tether kript­owalýutasy bilen töl­eg geçirip bolýar.

Bellenilişi ýaly, “M­akdonalds” Luganonyň şäher häkimligi bit­koini we Tether-i re­smi töleg serişdesi diýip yglan edenden soň, töleg üçin krip­towalýutany kabul ed­ip başlan şäherdäki ilkinji täjirçilik kärhanalarynyň biri boldy.

Häzirki wagtda “Makd­onaldsda” kriptowalý­uta bilen hasaplaşmak üçin bir sany öz-ö­züňe hyzmat ediş kas­sasy işleýär. Ýöne eger tejribe üstünlik­li bolsa we bu hyzmat uly islegden peýda­lansa, şeýle termina­llaryň sany artdyryl­ar.

Luganonyň tejribesin­iň tiz wagtdan Şweýs­ariýanyň beýleki şäh­erlerine-de ekstrapo­lýasiýa edilmegi müm­kin.

Lugano – Şweýsariýada ilat sany boýunça dokuzynjy şäher. Onda 62 müň töweregi ad­am ýaşaýar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.