GDA-nyň Ýerine ýetiriji geňeşiniň başlygynyň ygtyýarlyklary ýene-de 3 ýyl uzaldyldy

14.10.2022, 16:465,234

GDA döwletleriniň Liderleri Arkalaşygyň Ýerine Ýetiriji geňeşiniň başlygy Sergeý Lebedewiň bu wezipesindäki ygtyýarlyklarynyň möhletini ýene-de üç ýyl möhlete uzaltmak hakynda ylalaşdylar.

«Döwlet Baştutanlarynyň karary bilen GDA-nyň Ýerine ýetiriji geňeşiniň häzirki başlygynyň ygtyýarlyklary nobatdaky üç ýyl möhlete çenli uzaldyldy» diýip, Lebedew, anna güni Astanada geçirilen Geňeşiň giňişleýin mejlisinde eden çykyşynda belledi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.