Wladimir Putin GDA ýurtlarynyň Liderlerini Peterburga resmi däl duşuşyga çagyrdy

Şu gün, 17:512,895

Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin GDA ýurtlarynyň Liderlerini 21-nji dekabrda Sankt-Peterburgda geçiriljek resmi däl duşuşyga çagyrdy. Ol bu barada «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň dar düzümindäki mejlisinde aýtdy diýip, Kremliň metbugat gullugy habar berýär.

«Gadyrly dostlar, asylly däbimize eýerip, siziň ähliňizi 21-nji dekabrda Peterburga çagyrmak isleýärin. Biz, adatça, GDA ýurtlarynyň Baştutanlary bilen Täze ýylyň öňüsyrasynda dostlukly, resmi däl duşuşyga ýygnanyp, häzirki we geljekki meseleleri ara alyp maslahatlaşýarys» diýip, Wladimir Putin belledi.

Russiýanyň Prezidenti çykyşynda türkmenistanly kärdeşi Serdar Berdimuhamedowa 2026-njy ýylda GDA-da başlyklyk etmek işine konstruktiw hem-de işjeň çemeleşendigi, Awazada geçirilen sammiti ýokary derejede gurandygy üçin minnetdarlyk bildirdi.

Wladimir Putin öz çykyşynda ykdysady hyzmatdaşlyk barada durup geçdi. Ol 2025-nji ýylyň netijeleri boýunça Russiýanyň GDA ýurtlary bilen söwda dolanyşygynyň 110 milliard amerikan dollaryndan geçendigini aýtdy. Putiniň maglumatyna görä, 2026-njy ýylyň ilkinji alty aýynda bu görkeziji ýene-de 12 göterim artdy.

GDA ýurtlarynyň Liderleriniň resmi däl duşuşygy soňky gezek 2025-nji ýylyň dekabrynda Sankt-Peterburgda geçirilipdi. 2018-nji ýyldan bäri Täze ýyl baýramynyň öňüsyrasynda şeýle duşuşyklary geçirmek däbe öwrüldi.