Türkmenistanyň Prezidenti bilim ministrine berk käýinç yglan etdi

16.10.2022, 23:4133,201

Prezident Serdar Berdimuhamedow bilim ministri Gurbangül Ataýewa berk käýinç yglan etdi.

Degişli resminama döwlet Baştutany ýekşenbe güni Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň dowamynda gol çekdi. Bellenilişi ýaly, berk käýinç bilim ministrine işde goýberen düýpli kemçilikleri üçin berildi.
Gurbangül Ataýewa Türkmenistanyň bilim ministri wezipesine 2021-nji ýylyň awgustynda bellenildi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.