Hyundai we Kia hereketlendirijilerindäki kemçilik sebäpli 2 mlrd dollary hasapdan aýrar

19.10.2022, 14:2621,822

Günorta Koreýanyň Hyundai Motor Co. we Kia Corp. ulag öndürijileri öz öndüren Theta GDI hereketlendirijilerindäki mesele sebäpli ýylyň üçünji çärýeginiň jemleri boýunça jemi 2,9 trln wony (2 mlrd dollary) hasapdan aýrarlar.

Hyundai 1,3 trln wony, Kia bolsa — 1,54 trln wony hasapdan aýrar diýip, kompaniýa habar berýär.
Hasapdan aýrylan pul ulag öndürijiniň çärýeklik operasion girdejisiniň degişlilikde 44% we 66%-i bolup durýar diýip, Bloomberg hasaplaýar.
Hyundai-iň belleýşi ýaly, müşderiler geçen çärýekde ulag öndürijiniň beren ömürlik kepilliginiň çäklerinde öz ulaglaryndaky Theta hereketlendirijisini çalşyp bermegi garaşylyşyndan has ýygy-ýygydan talap edip başladylar.
Hyundai bilen Kia öň hem agzalan hereketlendirijiniň meseleleri bilen ýüzbe-ýüz bolupdylar. 2017-nji ýylda olar ABŞ-da käbir ýagdaýlarda ot almaklyga elten meseleler sebäpli jemi 1,2 mln awtoulagy yzyna çagyrypdylar.

2020-nji ýylda kompaniýalar hereketlendirijiler sebäpli  amerikalylar bilen bolan kazyýet dawasynyň çykdajylary üçin 3,36 trln wony hasapdan aýrypdylar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.